Ýokanç keseller lukmany Yewgeniý Timakow koronawirusyň “nusgawy” omikron ştammynyň alamatlarynyň stels-omikrondan nähili tapawutlanýandygyny düşündirdi.
Hünärmen, “Omikron” bilen stels-omikronyň alamatlarynyň arasynda tapawudyň ýokdugyny, ýöne soňky ştammyň birmeňzeş alamatlary has güýçli bildirýändigini belledi. Stels-omikron wagtynda bokurdak agyry, kelle agyry, umumy gowşaklyk we beýleki ýüze çykmalar has aýdyň bildirýär.
“Mundan başga-da, güýçli bokurdak agyrylary, sesiň gyryk çykmaklygy we çagalarda bogunlaryň zaýalanmagy ýaly alamatlar bilen ýokarky dem alyş ýollarynyň ýüze çykmagy has aýdyň bildirýär. Kella gyry, gijeki derlemeler ýaly wegetatiw näsazlyklar, asteniýa we köplenç garyn agyrylary we aşgazan-içege keselleri has aýdyň görünýär “-diýip lukman belledi.
Arzygül PORRYKOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 205-nji toparyň talyby