Barlaglar, jaň sagadynyň çykarýan belli bir sesleri, oýananymyzdan soňra dykgatlylygymyzy we hüşgärligimizi artdyryp biljekdigini görkezdi.
Alymlar, käbir ýagdaýlarda ukudan oýananymyzdan soňraky ukyçyllyk, möhüm kararlar kabul etmekdäki netijeliligimiziň peselmegi zerarly birnäçe sagatdan soň howply bolup biljekdigini bilýärler. Hatda bu hadysanyň ady hem bar – uky inersiýasy, oýanandan soňra ýüze çykýan wagtlaýyn işe ukyplylygyň peselmegi.
Science Alert neşiriň awtorlary, jaň sagadynyň sazlaryna degişli bolan maglumatlary gözden geçirdiler we onuň üçin üç esasy düzgüni düzdüler:
- saz, sesiňi goşup aýtmak üçin aňsat saz bolmaly;
- onuň esasy ýygylygy 500 Hz töweregi bolmaly;
- ol gaty çalt ýa-da gaty haýal bolmaly däl (iň gowusy 100-120 bpm).
Şeýle hem, jaň sagadynyň ýaşlar üçin has güýçli çykmalydygyny ýadyňyzdan çykarmaň (ýa-da esasanam has gaty uklaýanlar üçin).
Aýnura RUSLANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 203-nji toparyň talyby