Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti 2022-nji ýylyň 14-18-nji martynda gibrid formatda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeler boýunça komissiýasynyň 65-nji sessiýasyna gatnaşdy. Türkmenistan 2020-2023-nji ýyllar döwürde bu Komissiýanyň agzasy bolup durýar.
Neşe serişdelerine gözegçilik etmekde we bu ugurda halkara borçnamalary ýerine ýetirmekde ýüze çykýan soraglary ara alyp maslahatlaşmak üçin 128 döwletden, 19 hökümetara guramadan we 72 hökümete degişli däl guramadan 1400 adam gatnaşdy.
Sessiýanyň açylyşynda BMG-niň Ykdysady we Durmuşy Geňeşiniň, BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, Neşe serişdelerine gözegçilik boýunça Halkara komitetiniň, BMG-niň HIV/AIDS boýunça Birleşdirilen Maksatnamasynyň (UNAIDS) ýolbaşçylary çykyş etdiler. Bu halkara guramalaryň ýolbaşçylary öz çykyşlarynda neşe serişdeleriniň global gözegçiligi babatynda halkara kadalaryň ýerine ýetirilmeginde we olaryň kämilleşdirilmeginde Neşe serişdeler boýunça komissiýanyň ornunyň wajypdygyny aýratyn bellediler.
Öz çykyşynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy nobatdaky duşuşygyň guramaçylaryna minnetdarlyk sözlerini beýan edip,
ýurdumyzda neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna garşy alnyp barylýan işler barada aýtdy, bu ýaramaz nogsana garşy barlyşyksyz we berk göreşmek Türkmenistanyň syýasatynyň ileri tutýan esasy bir ugury bolup durýandygy belledi.
Şeýle hem Komissiýa rezolýusiýalaryň taslamalaryna seretdi we olar boýunça degişli çözgütleri kabul etdi.

RU












