20-nji martda Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanda ýazky bag ekmek dabarasy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.

Umumymilli bag ekiş çäresine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdylar. Dabara  şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýolbaşçylary we wekilleri, Hökümet agzalary, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle-de Türkmenistanyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Milli bahar baýramyna hem-de Halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan ählihalk bag ekmek dabarasynyň maksady tutuş Türkmenistan boýunça 3 million düýp miweli, saýaly, gyrymsy agaç nahallaryny oturtmakdan ybaratdyr.

Bu ählihalk hereketi Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasynyň maksatlary bilen sazlaşykly utgaşýar we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň «Gury ýeriň ekologik ulgamyny goramak we dikeltmek hem-de olaryň rejeli peýdalanylmagyna ýardam bermek, tokaýlary rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň zaýalanmagyny bes etmek we yzyna öwürmek hemde biologik köpdürlüligiň ýitmegini bes etmek» diýlip bellenilen 15-nji Maksadyny durmuşa geçirmäge gönükdirilýär.