20-nji martda Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýazky bag ekmek dabarasyna badalga berildi. Ol döwlet Baştutanynyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde ilkinji gatnaşan ählihalk çäresi hökmünde uly ähmiýete eýedir.   

Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulagy ählihalk bag ekmek dabarasynyň badalga beriljek ýerine gelip saklandy. Döwlet Baştutanyny çärä gatnaşyjylar mähirli garşyladylar. Bu ýerde ýaňlanan aýdym-sazlar dabara gatnaşyjylaryň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterdi.

Serdar Berdimuhamedowyň ýanyna ýurdumyzyň ýaş nesliniň wekili baryp, bag ekmek dabarasyna ak pata bermegi haýyş etdi we bag nahalyny oturtmak üçin pili gowşurdy. Türkmen döwletiniň Baştutany ilkinji agaç nahalyny oturtmak bilen, asylly işe ak pata berdi. Çärä gatnaşyjylar hem hormatly Prezidentiň göreldesine eýerdiler. Bu asylly işe ýurdumyzyň sebitleriniň ýaşaýjylary hem uly ruhubelentlikde goşuldylar. Nahallaryň welaýatlaryň toprak-howa şertleriniň aýratynlyklaryna durnukly baglaryň görnüşlerinden saýlanyp alnandygyny-da bellemek gerek. Baharyň şu ajaýyp gününde ildeşlerimiziň şeýle tutumly çärä işjeň gatnaşmaklary milli özboluşlylygyň, agzybir halkymyzyň yhlasly zähmetiniň aýdyň ýüze çykmasy boldy.

Türkmen Lideriniň degişli Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek we tokaý zolaklarynyň çägini giňeltmek maksady bilen, şu ýyl saýaly, pürli, miweli baglaryň hem-de üzümiň jemi 3 million düýbüni ekmek göz öňünde tutuldy. Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy bellenilen ýylda 25 million, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileýiniň dabaralandyrylan ýylynda bolsa 30 million düýp agaç nahaly oturdyldy. Diňe şunuň özi-de Diýarymyzda tebigat bilen sazlaşykly ýaşamaga, oňa aýawly çemeleşmäge möhüm ähmiýet berilýändigini aýdyň görkezýär. Bag ekmegiň döwlet syýasaty derejesine göterilmegi — munuň özi ynsanperwerligiň belent nusgasydyr.