Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli gutlady.
«Siziň her biriňize parahat we bagtyýar durmuşy, maşgala abadançylygyny, berk jan saglygyny arzuw edýärin. Şatlyk-şowhuna beslenip giňden bellenýän baýramçylyk çäreleriniň ýurdumyzyň ähli raýatlaryny il-ýurt bähbitli beýik işlere ruhlandyrjakdygyna, şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan gadymy gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn» diýip, döwlet Baştutany Gutlagynda belledi.
Nygtalyşy ýaly, türkmen halkynyň, şeýle hem Gündogar halklarynyň durmuşyna örän berk ornaşan Nowruz baýramy parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrýan baýramdyr. Nowruz Galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, halklar arasynda parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy kemala getirýär. Hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklar, birek-birege ynam Nowruz baýramynyň esasy ýörelgeleridir.
«Goý, Nowruz nagmalary göwünlere ganat berip, ykballara baky bagtyň ýakymly owazy bolup dolsun!» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow iň gowy arzuwlar bilen Gutlagyny jemleýär.

RU












