Samsung kompaniýasy Galaxy A orta klasyň smartfonlaryny hödürledi.

Bu çärede Galaxy A hatarynyň birbada dört modeliniň hödürlenildi – Galaxy A23, A33, A53 we A73. Öň insaýderler A73-iň FullHD+ durulykly we 120 Gs täzelenme ýygylygyny göterýän 6,7 dýuýmlyk AMOLED displeýine eýe boljakdygyny bellediler. Seriýanyň flagmany Snapdragon 750G çibi bilen işlär we 108 Mp esasy kamerany alar.

Galaxy A53 hem şuňa meňzeş displeý bilen üpjün ediler, ýöne aralyk modeliň tehniki taraplary tapawutlanar – smartfon Samsung Exynos 1200 çipsetine we 64 Mp esasy kamera eýe bolar.

Geçen ýyl kompaniýa 17-nji martda Galaxy A52 we Galaxy A72 modellerini hödürledi.