2021-nji ýylda Çehiýada soňky 77 ýylda iň ýokary ölüm derejesi hasaba alyndy. Şu ýylyň başyna çenli ilatynyň sany 10,516 mln adam bolan respublikada 139 900 ýaşaýjy aradan çykdy. Bu barada geçen ýylyň jemi boýunça fewral aýynyň başynda ýaýradylan maglumatlary aýdyňlaşdyran Çehiýanyň statistika edarasy habar berdi.
“2021-nji ýylda Çehiýada 139 900 adam aradan çykdy. Bu Ikinji jahan urşy tamamlanany bäri aradan çykanlaryň sanynyň iň ýokary ýyllyk görkezijisi bolup durýar. Geçen ýyl respublikada 2020-nji ýyla garanyňda 10 600 adam köp ýogaldy” – diýip, edara belledi.
2021-nji ýylda Çehiýada koronawirus pandemiýasy sebäpli ölüm derejesi dogluş derejesinden ep-esli ýokary boldy. Ýurtda doglanlardan 28 100 adam köp aradan çykdy. Bu 1918-nji ýyldan – garaşsyz Çehoslowakiýa döräli bäri ilatyň tebigy köpelişiniň peselmeginiň iň ýokary görkezijisidir.
Şol bir wagtyň özünde, Çehiýada ýaşamak üçin göçüp barýan daşary ýurtlularyň sany barha artýar. Soňky ýyllarda respublikanyň ilatynyň köpelmegi migrasiýanyň hasabyna bolýar. Mysal üçin, 2021-nji ýylda ýurtda ony terk edenlerden 50 müň daşary ýurtly köp mesgen tutundy diýip, Çehiýanyň statistika edarasy belledi.