Türkiýäniň Futbol Federasiýasy (TFF) 2028-nji ýylyň Ýewropa çempionatyny geçirmek üçin Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigine (UEFA) resmi arza tabşyrdy. Bu barada TFF-iň metbugat gullugy habar berýär.
23-nji martda UEFA-a Ýewropa çempionatyny geçirmek islegi barada habarnamany tabşyrmagyň möhleti tamamlanýar. 7-nji aprelde ýaryşy geçirmäge dalaşgärler yglan ediler. 2028-nji ýyldaky Ýewropa çempionatynyň hojaýynynyň 2023-nji ýylyň sentýabrynda belli bolmagyna garaşylýar.
Çarşenbe güni Russiýanyň Futbol Birleşiginiň 2028-nji ýa-da 2032-nji ýylda Ýewropa çempionatyny geçirmek niýeti barada arza tabşyrandygy belli boldy. 2028-nji ýylyň ýaryşyny geçirmek üçin Beýik Britaniýa we Irlandiýa hem dalaş edýär.
Türkiýe öz taryhynda ýekeje gezek hem Ýewropa çempionatyny kabul etmändi.