Türkmenistanyň başlangyjy bilen şu ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnama Milletler Bileleşiginiň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Bu barada Hökümetiň 25-nji martda geçirilen sanly ulgam arkaly mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow habar berdi.

Bellenilişi ýaly, bu Kararnamanyň döredijileri bolup 62 sany döwlet çykyş etdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow hemmeleri ýurdumyzyň at-abraýyny halkara derejede belende göterýän bu möhüm ähmiýetli wakalar mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Mälim bolşy ýaly, welosiped dünýäde ekologiýa taýdan iň arassa, elýeterli we ygtybarly ulag görnüşi hökmünde giňden ulanylýar. Beýleki ulag serişdelerine garanyňda, ony dolandyrmak hem aňsat. Welosiped sporty bolsa sportuň ekologik taýdan arassa we gyzykly görnüşi bolmak bilen, ilatymyzyň beden saglygyny berkitmekde möhüm orny eýeleýär diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Ýeri gelende bellesek, 2018-nji ýylda Milletler Bileleşiginiň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasy hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edildi. Her ýyl yzygiderli görnüşde dürli ýaşdaky watandaşlarymyzyň müňlerçesini jemleýän köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň guralmagy, awtoulagsyz günüň yglan edilmegi türkmen jemgyýetinde indi asylly däbe öwrüldi.