Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ösüşiň täze tapgyry başlandy. Halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni uly ruhubelentlik bilen garşylap, has belent maksatlary, iň nurana arzuw-umytlary ýürekde besleýär. Geljek 30 ýylyň dowamynda amala aşyryljak işler «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyndan gözbaş alýar. Hormatly Prezidentimiz öňde goýan maksatlaryna ýetmekde, ilkinji nobatda, halkymyza bil baglaýandygyny nygtap aýdýar.

Hemişelik Bitaraplyk ata Watanymyzyň, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň sarsmajak, synmajak bagtyýarlyk we rowaçlyk sütünidir, hut hemişelik bitaraplyk ýörelgesinden ugur alnyp, ýurdumyzda ähli ugurlarda uly ösüşler gazanylýar.

Hormatly Prezidentimiz täze döwür üçin maksatlaryny iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde beýan eden maksatnamasynda, şeýle hem wezipä girişmek dabarasyndaky çykyşynda halk köpçüligine ýetirdi. Ol maksatlar «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» esasy ugurlaryny özünde jemleýär.

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz goňşy döwletler bilen ylalaşykda, parahatçylyga, dost-doganlyga sarpa goýup ýaşamaga we deňhukukly gatnaşyklary saklamaga, özara ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Şeýle hyzmatdaşlyklary ýola goýmak arkaly dünýäde parahatçylykly gatnaşyklaryň kemala gelmegini maksat edinýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleri rowaç bolsun!

Annamuhammet Hydyrow

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň talyby