Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek çäresiniň ýazky möwsümine badalga berilmegi ýurdumyzda ekologiýa abadançylygy babatda durmuşa geçirilýän ägirt uly işlere döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändigini tassyklady.

Günleri bagtyýarlyga beslenýän ajaýyp döwrümizde gözel Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daşky gurşawy goramak hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek babatda giň gerimli döwlet syýasaty durmuşa geçirilýär. Munuň netijesinde ýurdumyzyň obadyr şäherleri gür baglyga, aýna ýaly ýollary, ýanýodalary reňbe-reň gülzarlyga bürenýär. Bu asylly işler «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Bag ekmegi sogaply iş hasaplan ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine eýerip, mekdebimiziň daş-töweregini, ýanaşyk ýerlerini bagy-bossanlyga öwürmek babatda netijeli işleri alyp barýarys. Bar bolan agaç nahallaryna ideg etmek, şeýle hem arassaçylyk işleri-de göwnejaý ýerine ýetirilýär. Meýdançalarda ýaşyl zolaklary döretmek, miweli we miwesiz bag nahallaryny, dürli görnüşli gül şitillerini oturtmak işine mekdebiň işgärleri, mugallymlary işjeň gatnaşýarlar. Bu işe mekdep okuwçylarynyň hem ýakyndan ýardam bermegi berkarar döwletimiziň bagtyýar ýaşlarynyň jemgyýetçilik ähmiýetli işlere işjeň gatnaşýandyklaryny hem-de milli ýörelgelerimiziň mynasyp dowam etdirilýändigini alamatlandyrýar.

Baglar — gözel tebigatymyzyň ýaraşygy. Olar ynsan saglygyna, ekologiýanyň arassalygyna öz täsirini ýetirýär. Biziň her birimiz bag ekmek bilen ýurdumyzy abadanlaşdyrmaga, gözel tebigatymyzy goramaga öz goşandymyzy goşýarys.

Baýramgeldi Hojaýew

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň talyby