«Halkyň Arkadagly zamanasyna» şamçyrag bolup ýalkym saçýan döwletli tutumlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da giň gerimde ýaýbaňlanýar. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmagyň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň hasabyna durnukly ösüşiň berk binýady döredilýär. Döwletimiziň oýlanyşykly hem-de parasatly syýasaty bilen ýurdumyzyň ykdysadyýeti garaşsyz ösüşleriň ýolunda ynamly gadam urýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenilip düzülen ýurdumyzyň durmuş-ykdysady strategiýasy öňde goýlan wezipäni üstünlikli amala aşyryp biljekdigine bolan ukybyny iş bilen subut edýär. Häzirki wagtda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda meýilleşdirilen wezipeleriň uly toplumy yzygiderli amala aşyrylýar.
Milli ykdysadyýetimiz köpugurly we bäsdeşlige ukyply derejä eýe boldy. Maglumatlara görä, 2020-nji ýylyň jemleri boýunça ykdysady ösüşiň depgini 5,9, 2021-nji ýylyň birinji ýarymynyň jemi boýunça 6,2 göterime çenli ýokarlandy. Ýurdumyzda maliýe ulgamynyň durnuklylygy saklanylýar. Ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk böleginiň paýy ýylsaýyn artýar. Bu paýyň jemi içerki önümiň 70 göterimini düzýändigi örän guwandyryjydyr.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda eşretlerimize eşret goşulýar. Azyklyk önümleriň bolçulygy döredilýär. Il-ýurt bähbitli maksatnamalary durmuşa geçirmäge ägirt uly maýa serişdeleri bölünip berilýär. Kärhanalaryň hususylaşdyrylmagy bilen milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, senagat önümçiliginiň netijeliligini artdyrmaga, hususy telekeçiligi depginli ösdürmäge giň mümkinçilik döredi. Oba hojalyk ekinleriniň hasyl berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen ýerleriň hususyýetçilere paýlanylyp ugramagy hem ykdysady ösüşlere amatly şertleri döredýär. Amala aşyrylýan işler «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda döwletiň we jemgyýetiň iň gymmatly hazynasy bolan adamyň has gowy ýaşamagyny üpjün edýär.
Abdyýewa Maral
Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiñ talyby

RU












