NASA 2020-nji ýylyň mart aýynda kosmos gözegçilikleriniň taryhynda möhüm döwrüň bolup geçendigini: astronomlaryň Gün ulgamynyň daşynda 5 000-den gowrak planetany açandyklaryny habar berdi. Has takygy, häzir agentligiň arhiwinde her biriniň özboluşly aýratynlyklary bolan 5 005 ekzoplaneta resminamalaşdyrylandyr. Bu barada knife.media salgylanyp, Day.Az habar berýär.
“Bu diňe bir san däl. Olaryň her biri täze dünýä” – diýip, Kaliforniýanyň tehnologiýa institutynda NASA-nyň ekzoplanetalar institutyndan Jessi Kristiansen aýdýar.
Ekzoplanetalaryň täze topary barada 21-nji martda belli boldy. Olar “Kepler” teleskopynyň kömegi bilen ýüze çykaryldy.
Häzirki wagtda ähli tapylan ekzoplanetalary birnäçe topara bölmek bolýar: uly bolmadyk daşly dünýäler, Ýupiterden birnäçe esse uly bolan gaz ägirtleri we öz ýyldyzlaryna ýakyn orbitalarda “gyzgyn Ýupiterler”. Mundan başga-da, super ýerler, “mini-Neptunlar”, bir wagtyň özünde iki ýyldyzyň ýa-da ölen ýyldyzlaryň galyndylarynyň daşyndan aýlanýan planetalar bar.
Ilkinji ekzoplaneta 1990-njy ýyllaryň başynda açyldy. Şondan bäri olary tapmagyň tizligi ençeme esse ýokarlandy.