BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) tarapyndan Täjigistana gyzamyga, hapgyrtma we gyzylja garşy 500 müňden gowrak sanjym dozasy gowşuryldy. Bu barada guramanyň Täjigistandaky wekilhanasynda habar berildi diýip, TASS belleýär.

“ÝUNISEF tarapyndan Bütindünýä bankynyň maliýe goldawy bilen Täjigistana gyzamyga, hapgyrtma we gyzylja garşy 541 müň sanjym dozasy iberildi” – diýlip, habarda aýdylýar. Wekilhananyň maglumatlaryna görä, bahasy 840 müň dollardan gowrak bolan bu üpjünçilik koronawirus pandemiýasy şertlerinde respublikanyň hökümetine goldaw bermäge gönükdirilen TEC-19 taslamasynyň bir bölegi boldy.

“COVID-19 pandemiýasy döwründe yzygiderli immunizasiýa hyzmatlaryna goldaw bermek örän möhümdir” – diýip, ÝUNISEF-iň Täjigistandaky wekili Osama Makkawi belleýär. Onuň pikiriçe, immunizasiýa millionlarça adamy halas edýär, çagalary kesellerden we maýyplykdan goraýar.