Täze habarlaryny The Eleс neşiri bilen paýlaşan internet-insaýderlarynyň maglumatlaryna ynansak, kompaniýa bar güýji bilen göze görünmeýän kameraly täze smartfonlaryň üstünde işleýär.

Şeýle kameranyň önümçiligini, birbada,Apple kompaniýasynyň iki sany hyzmatdaşlary amala aşyrýar – Samsung Display we OTI Lumionic.  Şol bir wagtyň özünde, täze kameraly iPhone smartfonlarynyň hataryndaky ilkinji enjam iPhone 15 Pro bolar we onuň 2023-nji ýylda çykmagyna garaşylýar.

Şol bir çeşmeleriň habar bermegine görä, ilkinji gezek, täze görnüşli, ekranyň aşagyndaky kamera Samsung Galaxy Z Fold 5 smartfonynda görkeziler diýip,bellemeli.