EurekALert! habar gullugynyň belläp geçişi ýaly, böwrek daşlaryndan dynmagyň täze usuly täsirli alternatiwalaryň biri bolup biler.  Hünärmenler munuň üçin BWL (impuls- tolkunly  litotripsiýa) tehnologiýasyny ulanmagy maslahat berýärler.  Daşlary ýok etmek üçin ultrases barlagynyň ýörite “gysga garmoniki partlamalary” ulanylýar.  Alymlaryň sözlerine görä, şeýle usulyň kömegi bilen, urýan tolkunlara garanyňda daşlar has çalt ýok edilýär.  Mundan başga-da, bu prosedurany geçirmek üçin adama anesteziýa  ýa-da rahatlandyryjy serişdeleri bermek zerurlygy ýok.

Täze tehnologiýanyň synaglarynyň, böwreklerinde daşy bolan 19sany  näsag gatnaşdy.  Bu daşlaraý ultrases tolkunlarynyň kömegi bilen 10 minutlap täsir etdirildi.  Netijede, daşlaryň 90 göterimi düýbünden ýok edildi, 39 göterimi – doly ezildi, 52 göterimi bölekleýin ezildi.  Mundan başga-da, daşlaryň köpüsiniň ululygy iki millimetrden köp däldi.

Mährijemal HEZRAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 319-njy toparyň talyby