Beýik Britaniýanyň Milli saglyk gullugynyň wekilleriniň sözlerine görä, ýokary çyglylyk saglyga zyýan ýetirýär. Mysal üçin, hem dürli allergenleri, gyjyndyryjylary we zäherli maddalary öndürip biler. Şol sebäpden adamda burun akmagy, asgyrmak, deride örgüniň örmegi, gözüň gyzarmagy ýaly allergiýanyň alamatlary bolup biler. Mundan başga-da, heň demgysmanyň güýjemegine sebäp bolup biler, şeýle hem dem alyş ýollarynyň kesellerine we ýokançlyklaryna ýol açar.
Şeýle hem heňiň zyýanly täsirlerine iň köp duçar bolýan adamlar immuniteti pes bolan adamlardyr (mysal üçin, himiýa bejergisini geçirýänler), şeýle hem dem alyş ýollarynyň keselleri we dürli dem alyş meseleleri (demgysma we ş.m.) bar bolan adamlar.
Beýik Britaniýanyň Milli saglyk gullugy, ýokary çyglylygyň käbir beýleki kategoriýalara degişli adamlar üçin hem howplydygyny öz sözüniň üstüne goşýar. Bular çagalar (bäbekleri hem şol sanda), garrylar we ekzemadan (deri keselinden) ejir çekýänlerdir. Olar çyglylygy ýokary bolan otaglarda mümkin boldugyça az wagt geçirmäge synanyşmalydyrlar.