Iň ýakyn wagtda çykjak Motorola kompaniýasynyň kamerofony baradaky maglumatlar internet ulgamynda peýda boldy – Motorola Frontier. Eger-de myş-myşlara ynansak, bu telefon 200 Mp Samsung ISOCELL HP1 kamerasy bolan ilkinji telefon bolup biler.

Insaýderler, surata düşmek üçin modul enjamynyň uly ölçeglerini görkezýän “janly” suraty hem çap etdiler. Onuň tapawutly aýratynlygynyň birnäçe dürli datçik hökmünde işlemek ukyby boljakdygy habar berildi. Bu funksiýa çuňňur tälime esaslanýan algoritmleriň kömegi bilen amala aşyryldy.

Şeýle hem Motorola Frontier, Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon 8 Gen 1 çipi, 144Hz täzelenme tizlikli 6,67 dýuýmlyk POLED ekrany we 125W tiz zarýad berijileri goýular.

Smartfon 2022-nji ýylyň iýul aýynda yglan ediler.