Türkmenistan bu günki günde sagdynlygyň mekany hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýaýbaňlandyrylýan çärelerden hem ýurdumyzda adam saglygy hakdaky aladanyň bimöçberdigini görmek bolýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan saglygy, halkymyzyň durmuş abadanlygy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak, sagdyn jemgyýeti berkarar etmek ugrunda belent sepgitlere ýetilýär. Bu ugurda durmuş-ykdysady maksatnamalara esaslanýan köpugurly işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde lukmançylyk, şypahana-dynç alyş maksatly desgalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Milli Liderimiziň tagallasy bilen gurlup, ulanylmaga berilýän döwrebap lukmançylyk merkezleri, hassahanalar, bejeriş-keseliň öňüni alyş edaralary, enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezleri häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylyşy we hödürleýän hyzmatlary babatda dünýäniň ösen lukmançylyk edaralary bilen bäsleşmäge ukyplydyr.
Gözel Diýarymyzda gurulýan saglygy goraýyş merkezleri ilatymyza ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürleýärler we ygtybarly saglygy goraýşy üpjün edýärler. Bu, halkyň saglygy döwletiň baýlygyna deňelýän gözel Diýarymyzda saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşleriniň barha belentlere ymtylýandygynyň aýdyň güwäsidir. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, bu ulgamyň işi dünýä ölçeglerine laýyk getirilýär, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşleri giňeldilýär we hili ýokarlandyrylýar. Golaýda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşiniň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021-2025-nji ýyllar üçin meýilnamasynyň tassyklanylmagy hem ynsan saglygy hakyndaky aladalaryň aýdyň subutnamasydyr.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň şypahana ulgamy hem döwrebap özgertmeleri başdan geçirýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, Türkmenistanda şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy tassyklanyldy. Ýurdumyzda döwrebap şypahanalaryň gurluşygyna hem-de öňden bar bolanlarynyň durkunyň täzelenmegine, döwrebaplaşdyrylmagyna möhüm üns berilýär.
Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Arçman» we «Ýyly suw», Balkan welaýatyndaky «Mollagara» we «Awaza», Lebap welaýatyndaky «Farap», Mary welaýatynda ýerleşýän «Baýramaly» hem-de Aşgabat şäherindäki «Berzeňňi» we welaýatymyzdaky «Daşoguz» şypahanalary döwrebap keşbe eýe boldular. Şeýle hem, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde täze «Bagabat» atly şypahananyň gurlup, ulanylmaga berilmegi saglyk ulgamyna berilýän ünsüň aýdyň şaýadydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — melhemler mekany» atly kitabynda ýurdumyzyň halkara derejeli şypahanalar merkezi hökmündäki ägirt uly mümkinçiliklerini we geljekki ugurlaryny beýan edýär. Bu kitapda keramatly türkmen topragynda bitýän ösümlikleriň, seleň sährasynyň we jana tenekar howasynyň müň bir derde dermandygy hakynda giňişleýin gürrüň edilýär.
Ak mermere bürenen paýtagtymyza özboluşly görk berýän «Sport», «Welosiped» we «Saglyk» binalary ýurdumyzda ynsan saglygyna, sagdyn durmuş ýörelgelerine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Ataýewa Gülnar
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ talyby