Internetdäki her bir resursyň öz url salgysy bolýar. Url salgy – (resursyň uniwersial salgysy) – torda ýerleşýän her bir resminama üçin ýeke-täk bolan at. Ol harplardan we simwollardan ybarat.
Url salgysy resursyň adyny (http, ftp we ş.m.), “ :// ” simwoly, kompýuterleriň domen adyny we kompýuterdäki faýla barýan doly ýoly özünde saklaýar. Mysal üçin, ilki http: // ýazylýar, tordaky kompýuteriň ady – user, soňra domeniň ady – edu / ýazylýar.
Manysy boýunça URL salgysy maglumaty saklaýan iň soňky serweri aňladýar. URL salgysynyň hem islendik düşünje ýaly, öz taryhy bardyr. Ol ilkinji gezek Ženewada ýüze çykdy. Ony Tim Berners-Li 1990-njy ýylda döretdi. Ilki bilen, URL anyk bir faýlyň internetde ýerleşýän ýerini bellemek üçin ulanyldy, soňra URL salgysyny internet ulanyjylara internetde başga resurslara girmäge hem mümkinçilik bermegi maksadalaýyk bilindi.
URL salgysyna gowy düşünmek üçin IP salgysy we domen salgysy diýen düşünjeleri özleşdirmek gerekdir.