IFixit -iň hünärmenleri, täze iPad Air planşetyň batareýa bölekleriniň, olary çykarmagy aňsatlaşdyrýan uzaldyjy diljagazlar bilen enjamlaşdyrylandygyny gürrüň berdiler. Öňki iPad Air” modellerinde batareýalary çykarmak has kyndy. Ýelimiň köp mukdary sebäpli eredijileri ulanmaly boldy, meselem izopropil spirdi.
Bu kiçijik üýtgeşňe, täze planşedi satyn almak üçin has özüne çekiji edip biler. Mysal üçin, iň soňky iPad mini planşetynyň hem diljagazlary bardy, ýöne iFixit topary planşetiň batareýasynyň bary bir ýelmenendigini bildiler.