Silk Sonic duetiniň Leave The Door Open aýdymy “Ýylyň iň gowy ýazgysy” kategoriýasy boýunça “Gremmi” baýragyny gazandy. ABŞ-nyň “Gremmi” sesýazgylary akademiýasynyň baýrak gowşurma dabarasy Las Wegasda geçirilýär.

Mundan öň Bruno Mars we Anderson Pak tarapyndan bilelikde ýerine ýetirilen Leave the Door Open kompozisiýasy, ýene bir “Ýylyň aýdymy” nominasiýasynda “Gremmi” gazanypdy.

Şeýle hem “Ýylyň iň gowy ýazgysy” kategoriýasynda Jon Batistiň Freedom, ABBA toparynyň I Still Have Faith In You , Toni Bennetta we Ledi Gaganyň I Get A Kick Out Of You , Daniel Sizara, Žiwon we Jastin Biberiň Peaches, Brendi Karlaýl Right On Time, Doja Cat we SZA-dan Kiss Me More Billi Aýliş Happier Than Ever , repçi Lil Nas X tarapyndan Montero (Call Me By Your Name) we Oliwi Rodrigonyň Drivers License aýdymlary hödürlendi.