«Saglyk jemgyýetçilik gymmatlygy bolmak bilen, döwletiň ösüşleriniň esasy kesgitleýjisi hökmünde häsiýetlendirilýär. Adamlaryň durmuşy gönüden-göni olaryň saglygy bilen baglanyşyklydyr. Saglyk baradaky alada ömrüň baradaky aladadyr» diýip, Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda nygtaýar. Lukman Arkadagymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan bu dana sözleri durmuşymyza baky ýol-ýörelgedir.

Halkymyzyň saglygy döwletimiziň baş baýlygy hasaplanylýar. Şondan ugur alyp, Arkadagly Serdarymyz henbnesillerimiziň bagtyýar, asuda ýaşaýşy hakyndaky aladalara örän jogapkärli çemeleşip, häzirki zaman dünýäsiniň talaplaryna laýyklykda, köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, sport medeniýetini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär.

Beden maşklaryny ýerine ýetirmek saglygy berkitmek bilen bir hatarda, adamlaryň asylly işlere, döredijilik we zähmet üstünliklerine gyzyklanmalarynyň artmagyna ýardam edýär. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz sagdyn durmuş ýörelgesiniň belent maksatlara ruhlandyrýandygyna hemişe ünsi çekýär.

Soňky ýyllarda bu ugurda üstünlikli amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň çäklerinde eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen ajaýyp sport toplumlary, stadionlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri we beýleki desgalar guruldy. Bilim edaralarynyň — mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň, orta hem-de ýokary okuw mekdepleriniň gurluşyklarynyň taslamalary taýýarlanylanda, olarda milli Liderimiziň tabşyrygy esasynda sport düzümine degişli desgalar, stadionlardyr sport meýdançalary göz öňünde tutulýar.

Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini giň gerimde alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Sapargylyç ALTYBAÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Agronomçylyk fakultetiniň talyby.