Häzirki döwürde dünýä bazarynda “gara altynyň” gymmatynyň artýandygyny bellemek gerek. Muňa bolsa, dünýä möçberinde çig nebite we ony çuň gaýtadan işlemegiň netijesinde öndürilýän hem-de uly isleg bildirilýän gymmat bahaly önümlere bolan islegiň artýandygynyň alamaty diýip düşünilýär.
Ýurdumyzda bu gymmaty artýan çig nebiti ýurdumyzda kuwwatly, iri önümçilik-hojalyk toplumy hasaplanylýan “Türkmennebit” döwlet konserni çykarýar. Ol häzirki wagtda Watanymyzyň gury ýer çäklerinde ýerleşýän, takmynan, 30-dan gowrak nebitgazly känleri işläp geçýär we olardan çykarylýan önümi ýygnap, harytlyk görnüşinde taýýarlap, sarp edijilere ugradýar. Gymmaty artýan we ýurdumyzyň ykdysadyýetini saldamly goldaýan çig nebitiň çykarylýan depginini güýçlendirmek maksady bilen, häzirki wagtda konsern tarapyndan önümçilige köpugurly innowasion çözgütli çäreler ornaşdyrylýar.
Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy” geljek 30 ýylyň toplumlaýyn strategik wezipelerini hem-de maksatlaryny durmuşa geçirmegiň ugurlaryny kesgitlemek bilen, halkymyz üçin mundan beýläk-de has amatly ýaşaýyş şertleriniň döredilmegine badalga berer. Bu kabul edilen Maksatnamalarda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ugurlary bilen bir hatarda, nebit pudagyny hem ösdürmeklik göz öňünde tutulan.
Bar bolan senagat derejesindäki nebit gorlarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan täze nebitli gatlaklary we känleri gözläp tapmak hem-de olary özleşdirmek boýunça Günbatar Türkmenistanyň gury ýer çäklerinde ýerleşýän, nebite hem-de gaza geljegi bar diýlip hasaplanylýan Günorta Garadaşly, Demirgazyk Ekerem, Günorta Atjan, Aýdogdy, Batgalyýer, Kalaus, Günorta Beňňuwan, Garmar, Hasardag, Günorta Eýşem, Çukurçy, Gündogar Körpeje we Nogaý meýdanlarynda geologiýa gözleg-barlag gazuw işlerini alyp barmak meýilleşdirilýär. Gözleg-ulanyş maksatly gazylýan täze guýularyň gazuw wagtyny tygşytlamak we olaryň hilini gowulandyrmak, önüm çykarýan hem-de önümliligini peseldýän guýulary has oňaýly mehaniki usullara geçirmek, şeýle hem dürli sebäplere görä wagtlaýyn hereket etmeýän guýularda has çylşyrymly ýerasty we düýpli abatlaýyş işleri önümçilige has oňaýly innowasion çözgütli enjamlary, tehnikalary, dürli himiki erginleri hem-de tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly amala aşyrylýar.
Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin häzirki zaman tehnologiýalaryny we ýörite enjamlaryny önümçilige ornaşdyrmak arkaly nebit guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, “Türkmennebit” döwlet konsernine Goturdepe nebitgaz käninde guýularyň nebit berijiligini ýokarlandyrmak boýunça bilelikdäki elin hyzmatlary amala aşyrmak barada Tatarystanyň “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen öň baglaşan Şertnamasyna laýyklykda, Goturdepe käninde 550-den az bolmadyk nebit guýularynda elin hyzmatlary ýerine ýetirmek barada goşmaça Ylalaşygy bellenen tertipde baglaşmaga ygtyýar berildi.
“Türkmennebit” döwlet konserni ýurdumyzyň nebit pudagyny ösdürmek, nebit önümçiligine häzirki zaman innowasion çözgütleri ornaşdyrmak arkaly täze önümli gatlaklaryň, känleriň üstüni açyp, özleşdirip, nebitiň çig mal binýadyny artdyrmagyň hem-de ýokary hilli guýulary öz wagtynda gazyp, ulanyşa girizmegiň netijesinde gazyň we çig nebitiň kondensat bilen bilelikdäki çykarylýan möçberini talap edilýän derejede saklamak hem-de ony artdyrmak maksady bilen nebit önümçiliginde köpugurly çäreleri durmuşa geçirýär.