Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen we durmuş ugurly ykdysady syýasatynda oba hojalyk pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşleriniň, möhüm azyk önümleriniň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmak bu pudagyň möhüm wezipesi bolup durýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe azyk senagatyny we oba hojalyk toplumynyň önümçilik düzümini döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem döwlet goldawynyň netijeli gurallaryny ornaşdyrmak, şu ugurda işleýän kärendeçileri, daýhan hojalyklaryny, döwlet we hususy kärhanalary maliýe taýdan höweslendirmeklige uly maýa goýumlary gönükdirilendir. Döwrebap ýyladyşhanalaryň gurulmagy we az ýerden köp mukdarda gök önüm almakda täzeçe usullaryň yzygiderli durmuşa ornaşdyrylmagy has-da guwandyryjydyr.

Gök önümler ilatyň sagdyn iýmitlenmeginde esasy orny eýeläp, zerur ýokumlaryň çeşmesi bolup durýar. Önüm öndürmegiň täzeçe usuly bolan ýyladyşhana önümçiliginiň giňden ýaýbaňlandyrylmagy içerki bazarda gök önümleriň bahalarynyň elýeterli bolmagyny, milli oba hojalyk pudagynyň eksport kuwwatynyň artmagyny, täze iş orunlaryň döredilmegini üpjün eder. Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlan täze ýyladyşhanalar ýylda 8 müň 750 tonna gök önümleri öndürmäge niýetlenip, olarda 400-e golaý täze iş orny döredilendir. Olarda häzirki zaman tehnologiýalary we suw tygşytlaýjy ulgamlar ornaşdyrylandyr.

Obasenagat toplumy milli ykdysadyýetimiziň örän möhüm pudaklarynyň biri bolup, hormatly Prezidentimiz bu pudagyň ösdürilmegine aýratyn üns berýär. Ýurdumyzda oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin ekerançylarymyza ähli şertler döredilýär. Oba hojalyk işgärleri ýokary hilli tohumlar, dökünleriň dürli görnüşleri, häzirki zaman oba hojalyk tehnikasy, suw we beýleki zerur serişdeler bilen doly üpjün edilýär, olar dürli ýeňilliklerden, şol sanda salgyt boýunça hem ýeňilliklerden peýdalanýarlar. Bu hojalyk pudagynyň maddy-üpjünçilik binýady hem yzygiderli ösdürilýär we pugtalandyrylýar.Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bu pudaga degişli bolan desgalar gurulýar, täze desgalar ulanylmaga berilýär, bar bolan desgalaryň durky täzelenilýär. Oba hojalygyny diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen zerur işler geçirilýär. Sebitlerde gök we bakja önümleri, bagçylyk we üzümçilik üçin ekerançylyk meýdanlary bölünip berilýär.

Ýurdumyzyň her welaýatynda ýyladyşhana hojalyklarynyň ösdürilmegi netijesinde oba hojalyk ekinlerinden alynýan önümleriň möçberleri ep-esli artdyrylar. Munuň özi ýurdumyzyň oba senagatyny ösdürmäge, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýerini tutýan önümçiligi ýola goýmaga we eksporta iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmaga ýardam eder. Bu işlere zähmetsöýer, köp öwrenmäge we täze hünärleri ele almaga höwesli ýaşlaryň hem goşulyşmagy guwandyryjydyr.

Ýurdumyzda ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, hususy pudagy döwrebaplaşdyryp ösdürmek babatynda giň möçberli işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň ähli başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Yslam Tyllanurow 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ uly mugallymy