Ahalteke bedewi tutuş Ýer ýüzünde münüş atlarynyň iň gadymylarynyň biri hasaplanylýar.
Atlar dik duran ýerinde uklamagy başarýarlar. Atlar uklanda, olaryň dyzlary gulplanan ýaly, epilmezlik ukybyna eýedir. Bu hem olara uzak wagtlap aýak üstünde durmaga, uklamaga mümkinçilik berýär.
Atlaryň gözleri hersi aýratynlykda başga tarapa seredip bilýär. Bu bolsa olaryň daş töweregi has giňden görmeklerinde ýardam edýär. Olaryň gözleriniň hersi 160-170 ölçegdäki giňişlige seredip bilýär.
Atlaryň adam eşiklerini we ellerini dişleri ýa-da dodaklary bilen çalaja dişlemekleri olaryň adamlar bilen degişmek isleýändiklerini aňladýar.
Atlar geçjek ýerlerindäki päsgelçilikleriň uzaklygyny we bökjek ýerlerini aňsatlyk bilen hasaplap, şoňa görä hereket edip bilýärler.
Häzirki wagtda dünýäde eldekileşdirilen atlaryň 250-den gowrak görnüşi bar. Olaryň içinde «iň gowy» diýlip hasaplanýany türkmeniň ahalteke bedewidir.
Yslam Tyllanurow
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ uly mugallymy

RU












