Hytaýyň elektronika öndüriji kompaniýasy Moore Threads, öz işläp düzen kompýuter üçin wideo kartasyny hödürledi. Nvidia we AMD önümlerine alternatiwa bolup bilýän enjam barada, Videocardz portaly tarapyndan habar berilýär.
Wideo kartanyň iki görnüşi bar: MTT S60 we MTS2000. Birinjisi 6 teraflop güýji we 8 GB LPGDDR4X ýady, ikinjisi 12 teraflops we 32 GB hödürleýär.
Gyzykly tarapy, wideo kartalar DirectX Runtime, OpenCL, OpenGL, Vulkan we CUDA-ny goldaýar. Tanyşdyryşda, League of Legends oýnuny 1080p durulykdaky işletmek ukyby görkezildi. Tizlendiriji wideolary ähli meşhur formatlarda kodlap we kodyny çözüp bilýär.
MTT S60 we MTS2000 kartalaryň elýeterliligi we bahalary barada maglumatlar häzirlikçe ýok. Moore Threads kompaniýasynyň, ilkinji synag kartalaryny, birnäçe aýyň içinde Hytaý bazaryna ibermegine garaşylýar.