Ulgamda Ýaponiýanyň Bauhutte kompaniýasynyň täze işleri barada maglumatlar peýda boldy. Oýun esbaplary bilen meşgullanýan bu kompaniýa adaty bolmadyk elektrik geçirijisi bolan krowat hödürledi.
Geçirijileriň kömegi bilen enjam özündäki käbir bölekleriň durkuny üýtgedip bilýär. Şol bir wagtyň özünde enjamyň karkasy polatdan ýasalan.
Täzelik BGB-100FA diýip atlandyrýarlar. Onuň ölçegleri 94 × 199 × 28 sm. Ulanyjynyň agram boýunça çäkleri 200 kg çenli diýip, habar berilýär.
Bauhutte kompaniýasynyň döredijileri öz krowatlarynyň, ýatmak, oýnamak we hatda naharlanmak hem üçin amatlydygyny aýtdylar. Şol bir wagtyň özünde, ýatylýan hemde oýnalýan ýeriň ýapgytlygyny, aýratyn gapjykda saklanýan krowat bilen bilelikde gelýän pult arkaly, sazlap bolýar.
BGB-100FA-nyň esasy görnüşiniň bahasy 460 dollar. Düşekli görnüşi oňa görä gymmat-675 dollar.