Daşary işler ministrliginde Russiýa Federasiýasynyň Hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, ýurdumyza iş sapary bilen gelen Hökümet Başlygynyň orunbasary A.Owerçuk bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ýokary derejedäki gepleşikleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen 8-nji aprelde geçirilen telefon söhbetdeşliginde garalan meseleler bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy. Taraplar sebit hem-de dünýä derejesinde parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen halkara gurallary ilerletmek boýunça garaýyşlaryň ýakyndygyny nygtadylar.
Giňişleýin düzümde geçirilen duşuşyga döwlet düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda esasy ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, iki döwletiň işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Topara başlyklyk edýänler — Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary A.Owerçuk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, esasan-da, söwda-ykdysady hem-de ynsanperwer ulgamlarda netijeli häsiýetini we okgunly ösüşini kanagatlanma bilen bellediler.
Mejlisiň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we ösüş mümkinçiliklerine degişli meseleler, ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň jemleri girizildi. Şeýle hem soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä eýe bolan türkmen-rus sebit hyzmatdaşlygynyň meselelerine garaldy.
Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesinde, Söwda-senagat edarasynda Russiýanyň döwlet düzümleriniň hem-de hususy kompaniýalarynyň wekilleri bilen guralan ikitaraplaýyn duşuşyklaryň çäklerinde özara bähbitli işewürlik gatnaşyklarynyň dürli ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.