Milli saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler berkarar döwletimiziň bedew bady bilen öňe barýan rowaç menzilleriniň aýdyň netijesidir. Ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak, sagdyn jemgyýeti berkarar etmek ugrunda dünýä nusgalyk işler amala aşyrylýar. Halkyň saglygy döwletiň baýlygyna deňelýän ýurtda saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmek hem-de ösdürmek, degişli düzüm böleklerini döwrebaplaşdyrmak «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän özgertmeleriň möhüm ugurlarydyr. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlup ulanylmaga berilýän döwrebap lukmançylyk merkezleri, hassahanalar, bejeriş-keseliň öňüni alyş edaralary, enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezleri şol ösüşleriň aýdyň beýanydyr.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşiniň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasynyň tassyklanylmagy hem ýurdumyzda halkyň saglygyna döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändigini görkezýär. Şonuň netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy dünýä ülňülerine laýyklykda okgunly ösdürilýär.

Eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak babatda durmuşa geçirilýän zerur çäreler sagdyn jemgyýeti kemala getirmegiň esasy binýady bolup hyzmat edýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan «Ene mähri», Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezleriniň gurulmagy, çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmek we ganazlyga garşy göreşmek boýunça milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi iri halkara guramalar tarapyndan ýokary baha mynasyp bolýar. Şeýle hem bu ugurda «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýanyň hem-de ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasynyň, «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin milli strategiýasynyň» tassyklanylmagy ýaş nesliň saglygyny goramak babatynda döwlet syýasatynyň iş ýüzünde doly amala aşyrylýandygyny alamatlandyrýar.

Gözel Diýarymyzda gurulýan saglygy goraýyş merkezleri ilatymyza ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürleýär we ygtybarly saglygy goraýşy üpjün edýär. Il-ýurt ähmiýetli bu işler sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany hasaplanýan ata Watanymyzda saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan ösüşleriň barha belentlere galýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Hudaýberdiýewa Jemile,

Myrat Garryyew adyndaky Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň,

Kliniki  Farmakalogiýa okuwly gospital terapiya kafedrasynyň assistenti.