Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy zamanasynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen halkynyň her bir güni toýdur-baýramlara, şanly senelere beslenýär. Taryhyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan türkmen halkynyň umumadamzat gymmatlyklarynyň biri-de owadanlykda, ýyndamlykda, çydamlylykda deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleridir. Milli gymmatlyklarymyzyň biri bolan behişdi bedewlerimiziň türkmen halkymyzyň aňynda we ýüreginde aýratyn orny bardyr. Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde uludan bellenilýän, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda 2022-nji ýylyň aprel aýynyň 15-ne “Türkmeniň uçar ganaty” atly döredijilik bäsleşik sergisi açyldy. Bu ýokary okuw mekdebinde geçirilen sergisi talyp ýaşlaryň we halypa mugallymlaryň eserlerinden ybarat bolup, olarda ýurdumyzy we döwrümiziň abatlygyny, parahatçylygyny ahalteke bedewleriniň ýyndamlygyny, görkanalygyny şekillendiriş we amaly-haşam sungatynda wasp edýärler.
Nakgaşçylyk we amaly-haşam sungaty eserlerinden taýýarlanan sergide halypa ussatlarymyzyň ýürek joşdurýan heýkelleri, ýagly öwüşginli reňkler bilen ýerine ýetirilen nakgaşçylyk taslamalary, inçeden nepisligi bilen göz alyjy zergärçilik sungatyna degişli eserlerinde hem behişdi bedewlerimiziň waspy jaýdar görkezilýär. Ilki bilen sergä baranyňda, şu ýylyň başynda hormatly Arkadagymyzyň Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine baranynda täze dünýä inen taýçanaga, atşynaslaryň haýyşy boýunça “Zaman” adyny dakdy. Biziň ýokary okuw mekdebimiziň “Heýkeltaraşçylyk” kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby Bazarow Maksadyň gips serişdesinde ýerine ýetiren “Zaman” atly taýçanagy sergä aýratyn görk berýär. Nakgaşçylyk sungatyna degişli ýagly reňkler bilen kendiriň ýüzünde ýerine ýetirilen eserleriň naýbaşylarynyň biri hem “Nakgaşçylyk” kafedrasynyň 4-njy ýyl talyby Kurbanberdiýew Allanuryň “Miras” atly eseri we “Grafika” kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Baýramow Baýramyň “Türkmeniň gözel bedewi” atly işidir. Bu eserlerde buýsanjymyz bolan ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhraty merdem görkana syraty, tebigatymyzyň ýene bir owadan ýeri bolan Garagum sährasynyň gözelligini wasp edip ýerine ýetiripdirler. Nakgaşçylyk sungatynda esasan reňkleriň biri-biri bilen sazlaşygynyň utgaşmasy bilen döreýän gözel eserler naýbaşylygy bilen tapawutlanýar. Türkmeniň milli mirasy zergärçilik sungaty hem özüniň köküni gadymy döwürlerden alyp gaýdyp, biziň şu günümizde hem esasy oruny alýar. Şeýlelikde “Amaly-haşam sungaty” kafedrasyna degişli bolan, “Zergärçilik” hünärinde okaýan talyplarynyň ýerine ýetiren şaý-sepleri hem bedew sergisine görk goşýar. Olardan, “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň 1-nji ýyl talyby Babajan Begatowyň “Bedew waspy” işinde, şol kafedranyň 3-nji ýyl talyby Çemen Käbäýewanyň “Bedew görki” atly işinde, “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň “Zergärçilik” hünäriniň 3-nji ýyl talyby Annamyradow Mekanyň “Türkmen bedewi” atly işinde behişdi bedewleriň waspy belentden tutulyp, olary inçeden haşam häsiýetde bezäp, hakyk gaşlary ulanyp ýerine ýetiripdirler. Mundan başga-da, at esbaplarynyň ýagny at şaýlarynyň hem birnäçe görnüşini bu sergide ýerleşdirilipdir. Atlara dakylýan boýunlyk, göwüs-bent, jygalyny ýerine ýetiripdirler. Şeýlelikde, türkmen halky her bir gymmatlygyna aýratyn sarpa goýmak bilen olary şöhratlandyrýar we waspyny ýetirýär.
Aýgül Şöhradowa
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
sungaty öwreniş kafedrasynyň talyby