Türkmenistan gadymy medeniýetleriň we beýik dessurlaryň ýurdudyr. Türkmen halky her-hili wakalary döwürleri başdan geçirmeli bolupdyr. Ol döwürler bolsa geçmişde höküm süren kuwwatly galalary we baý şäherleri harabaçylyga öwürdi. Ýöne wagt şöhratly geçmişiň şanly şaýady bolan ahalteke bedewlerine hiç hili täsirini ýetirip bilmedi. Taryhyň çylşyrymly wakalaryna, ýowuz öwrümlerine garamazdan türkmen halky dünýäniň dürli ýurtlarynyň ussat hünärmenleriniň ünsüni özüne çekýän milli atşynaslyk medeniýetini elýetmez baýlyk hökmünde mynasyp derejede gorap saklamagy başardy. Türkmenistanyň taryhy ýadygärliklerinde arheologiki gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde dürli döwürlerde tapylan köp sanly gymmatlyklar, maglumatlar we anyk güwänamalar atşynaslyk medeniýetiniň gadymy merkeziniň Merkezi Aziýa, ilkinji nobatda bolsa Türkmenistan ýaýlasydygyny biragyzdan tassyk edýärler. Köp sanly hünärmenleriň bellemegine görä, gadymy türkmen halky ilkinji bolup atlary eldekileşdiripdir.

Ahalteke bedewleriniň şöhraty dünýäde hem örän ýokarydyr. Türkmen bedew-atlary barada biziň şahyrlarymyz hem goşgularynda giňden beýan edipdirler: muňa mysal edip, Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragy Seýitnazar Seýdi ýaly şahyrlarymyzy görkezmek mümkin.

Magtymguly Pyragynyň “Aty gerek” atly goşgusynda goç ýigidiň at-abraý gazanmagy üçin bedew atynyň gerekdigini:

At gazanar goç ýigidiň

Owal bedew aty gerek,

diýen şahyrana setirlerini görkezmek bolar.

Mundan başga-de Seýitnazar Seýdiniň “Üsti bedewiň” goşgusynda hem bedew atyň tarypyny ýetirýär.Ol ata gowy seredip, onuň eýer-esbabyny ýerbe-ýer edip münseň, atarkasy Süleýmanyň tagtyndan kem däldigini:

Münende şaý bolsa tükel esbaby,

Tagty-Süleýmandyr üsti bedewiň.

Jul eýleseň, atlaz ile zerbaby,

Şonda biarmandyr üsti bedewiň.

ýaly goşgy bent arkaly açyp görkezýär:

Şeýlede bedew atyň belli bahasynyň ýokdugyny, oňa dünýe malyny berseňde az boljakdygyny ýokary şahyranalyk bilen beýan edýär:

Bedew münen deh diýip,girer oýuna,

Ony gören gözler ajap söýüne,

Berip alsaň ýüz müň düýe goýuna,

Şonda-da arzandyr üsti bedewiň.

Berkarar döwletimiz Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň bezegi bolan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmäge hem-de ony terbiýelemäge uly üns berilýär.2008-nji ýylda “Türkmenatlary” döwlet bileşigi döredildi. 2009-njy ýyldan bäri bolsa Mähriban Arkadagymyzyň yglan eden “Gözellik bäsleşigi”geçirilýär. Onda ýeňiji bolan bedewlere gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar. Hormatly Prezidentimiziň tagalasy bilen ýurdumyzda her ýyl “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara maslahaty geçirilip durulýar. Şularyň hemmesi Hormatly Arkadagymyzyň ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň şan-şöhratynyň dünýä ýaýmak barada edýän atalyk aladasynyň netijesidir.

Türkmen Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ talyby Murzeweliyew Döwlet