Honor kompaniýasy, 5G goldawly, Apple kompaniýasynyň önümlerini dizaýnyny ýada salýan Honor Play 6T Pro atly orta synp smartfonyny hödürledi. Bu barada GSMArena tarapyndan habar berilýär.
Honor Play 6T Pro, FHD + durulykdaky we 90 Hz täzelenme tizligi bolan 6,7 dýuýmlyk IPS displeý aldy. Integrirlenen 5G modemi bolan MediaTek Dimensity 810 prosessory smartfon üçin esas bolup hyzmat edýär.
Akkumulýatoryň kuwwaty 4000 mAh bolup ony 40 wattlyk çalt zarýad beriji bilen güýçlendirip bolýar. Magic UI 5.0 örtügi, Android 11 operasiýon ulgamynyň bazasynda işleýär.Kamera moduly iki sany senatdan ybarat – 48 we 2 mp.
Täze modeliň peýda boljak ilkinji bazary Hytaý bolar. Şol ýerde smartfonyň esasy wersiýasy 1400 ýuana deňdir. Soňra, Honor Play 6T Pro beýleki bazarlarda peýda bolup biler.