Iýmitleniş hünärmeni we berhiz mugallymy Meri Keýt Kizz akyl saglygy üçin peýdaly iýmitler barada söhbet etdi.
Ol ýumurtgalaryň, kömelekleriň we miweleriň munuň üçin iň amatlydygyny belläp geçdi. Ýumurtgalarda beýni üçin möhüm bir madda – holin bar, bu beýniniň işjeňligini we ýatkeşligini dogry derejede saklamaga kömek edýär. Kömeleklerde D witamini köp, miweler bolsa psihika üçin iň oňat önümdir.
Kizziň sözlerine görä, psihikanyň saglygy üçin alkogol we energetik içgilerden saklanmak möhümdir. Alkogol akyl saglygy üçin zerur bolan B witaminler toparyny ýok edýär.
Şeýle hem, ýagly iýmitleriň we süýji önümleriň ynjalyksyzlygy döredip we artdyryp biljekdigini aýtdy.
“Mysal üçin, stres we ynjalyksyzlyk ýokumly maddalaryň ýetmezçiligi hemde nädogry iýmitlenmegi netijesinde döreýän uzak wagtlaýyn meseleler bolup biler. Biz öz näsaglarymyzyň iýmit, uky we içgisiz akyl saglygy bilen göreşip biljekdigine garaşyp bilmeris “-diýip hünärmen belledi.
Saýebjemal ATAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 111-nji toparynyñ talyby