20-nji aprelde Paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisi geçirildi.
Däp bolşy ýaly, her ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öň ýanynda geçirilýän bu forum arassa ganly ahalteke bedewlerini köpeltmek bilen iş salyşýan dünýä döwletleriniň atşynaslary üçin netijeli hyzmatdaşlygyň açyk meýdançasy bolup, türkmen halkynyň bahasyz gymmatlygy hem-de buýsanjy hasaplanýan behişdi bedewleriň dünýädäki şöhratyny artdyrmaga ýardam berýär.
Türkmenistanda — meşhur ahalteke bedewleriniň watanynda milli atçylyk sungatyny gorap saklamak, öwrenmek we ösdürmek, häzirki döwürde onuň gözbaşy müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän baý däplerini wagyz etmek, atçylyk sportuny höweslendirmek, gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bu ulgamda netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça giň gerimli işler geçirilýär.
Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, assosiasiýanyň alyp barýan işiniň netijeleri baradaky hasabatlara seredildi hem-de arassa ganly ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak, dünýädäki şan-şöhratyny ýokarlandyrmak, atşynaslyk sungatyny we atly sporty halkara derejede ösdürmek boýunça tutanýerli işleri alyp barýan assosiasiýanyň türkmen we daşary ýurtly agzalaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak baradaky Permanlara gol çekildi.
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilenine şu ýyl on iki ýyl dolýar. Şu döwrüň içinde gurama ýurdumyzdan we dünýäniň ençeme döwletinden ýuridik we fiziki şahs agza bolup durýar. Geçen döwürde assosiasiýanyň agzalarynyň alyp baran işleriniň netijesinde, ahalteke bedewleriniň we olaryň muşdaklarynyň sany artdy.
Biz milli baýlygymyz we halkymyzyň göz guwanjy bolan behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dabaralandyrýan Türkmen bedewiniň milli baýramyny ähli halkymyz hem-de dünýädäki ahalteke bedewleriniň janköýerleri bilen bilelikde belläp geçýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Milli mirasymyzy aýawly saklamak we dünýä ýaýmak Türkmenistanyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şeýle bolansoň, ady rowaýata öwrülen, dünýä medeniýetinde mynasyp orun eýelän ahalteke bedewleriniň Ýer ýüzündäki abraýy, şan-şöhraty barha belende göterilýär.
Şeýle hem Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisini 2023-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabatda geçirmek bellenildi we degişli çözgüde gol çekildi.
Aýsoltan Berdiýewa
Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk institutynyň
Ýol gurluşygy fakultetiniň mugallymy.

RU












