Ol agaja zyýan bermezlige synanyşmalydygyňyzy, şiräni seresaplylyk bilen ýygnamalydygyňyzy aýtdy. Berýozalar şäherlerden we uly ýollardan uzak ýerlerde, tokaý hojalyklarynda ösmeli.
Güýçli we ösen kök ulgamy bolan agaçlary saýlamaly – şire kökden başlap agajyň düýbi boýunça ýokarlanýar. Şol bir wagtyň özünde köp mukdarda şire ýygnamak zerur däl, sebäbi ol çalt zaýalanýar we birnäçe sagadyň içinde turşap bilýär.
Mundan başga-da, egerde şire bulanyk, turşymtyk tagamy we ysy bar bolsa, ony içmeli däldir.
“Her hili gyzgynlyk derejede turşama prosesi birnäçe sagadyň içinde başlap biler. Şeýle ýagdaýda şire bulanykbbolýar, ýakymsyz turşy ysyny we tagamyny alýar, beýle önümi iýip bolmaýar “diýip, dietolg duýduryş berdi.
Nurana GYLYÇMÄMMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 306-njy toparyň talyby

RU












