Telekeçi Ilon Maskyň baýlygy Twitter ulgamyny satyn alandygyny yglan edeninden bir gün soň, takmynan, 29 mlrd dollar azaldy.
Report-yň TASS-a salgylanyp habar bermegine görä, muny dünýäniň iň baý adamlarynyň emlägini hasaplaýan Forbes Real-Time hasaplaýjysynyň maglumatlary delillendirýär.
Milliarderiň kapitaly Tesla elektromobil öndürijisiniň paýnamalarynyň bahasynyň 12% pese gaçmagy sebäpli 10,83%, ýagny 268 mlrd dollardan 239,2 mlrd dollara çenli azaldy. Bir günde kompaniýanyň bazar kapitallaşdyrmasy, takmynan, 130 mlrd dollar azaldy, Maskyň özüniň ýitgisi bolsa ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald Trampyň baýlygyndan (3 mlrd dollar, Forbes-iň sanawynda 1 021-nji orun) dokuz esse ýokary boldy. Şeýle ýagdaý Maskyň Twitter-e bolan ünsüniň Tesla-nyň paýdarlarynyň arasynda alada döredendigi bilen düşündirilýär. Maýadarlar telekeçi sosial ulgamy satyn almak üçin karz alar ýaly kompaniýadaky paýnamalaryny girewe goýmaly ýa-da satmaly bolar diýip pikir edýärler.
Muňa garamazdan, Ilon Mask henizem dünýäniň iň baý adamy bolmagynda galýar. Forbes-iň sanawynda onuň yzyndan Amazon-yň esaslandyryjysy we ýolbaşçysy Jeff Bezos gelýär. Ol Ilon Maskdan 74 mlrd dollar yza galýar.