Duz Ýer togalagynda iň meşhur tagam güýçlendirijilerden biridir. Emma onuň ýerini näme tutup biler? Bu barada newrolog lukmany we teleýaýlym alyp baryjysy Dmitriý Şubin gürrüň bermek kararyna geldi.
Hünärmeniň sözlerine görä, duzuň ýerine ajy halapeno burçuny ýa-da çipotil sousyny ulanyp bilersiňiz. Soňky aýdylanyň düzüminde halapeno hem girýär.
Şubin, bu burçuň düzüminde kapsaisin atly bir maddanyň bardygyny belledi. Ol adamyň tagam duýujy reseptoryna şeýle bir täsir edýär welin, adam duzly iýmit iýýärin diýen düşünje alýar.
Ýeri gelende aýtsak, muny çipotle sousynyň meşhur duzly tagamy bilen düşündirmek bolar şol bir wagtyň özünde onuň düzüminde hiçhili duz ýokdyr. Şol bir wagtyň özünde köplenç ýagdaýda we köp mukdarda “ak ajal” iýýän adamlaryň ýürek agyry we insult howpuny ýokarlandyrýandygyna düşünmeli.
Bagtygül GARAJAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 113-nji toparynyñ talyby