Iýmitleniş hünärmeniniň sözlerine görä, gündeki möçber – iki ýumurtga bolýar. Hünärmen, ýumurtgalarda holesteriniň bardygyny, ýöne olaryň sarp edilmeginden zyýanyň ýokdugyny aýtdy. Saglygymyzdaky näsazlykdan gorkmazlyk üçin bolsa, durmuşyň umumy hiline we sarp edilýän kletçatkanyň mukdaryna gözegçilik etmek zerurdyr, sebäbi gandaky holesteriniň derejesini hut ol ýola goýýar.

Lukman ýumurtganyň gündeki iýmitimizde hökman bolmalydygyny, ýöne bulardan başga-da balyk, et, guş, noýba we däne önümlerini hem iýmelidigini belledi.