Nädogry iýmitlenmek ýürek-damar keselleriniň döremek howpuny ýokarlandyryp biler. Hut şonuň üçin egerde siziň iýmitiňiz saglyk ölçeglerine laýyk gelmeýän bolsa, gündelik iýmitiňizi hemmetaraplaýyn üýtgetmeli.Eat this, not that neşir, haýsy gök önümi öz iýmitiňize hökman goşmalydygy barada gürrüň berdi.
Siz ýürek saglygy üçin haýsydyr bir miwe ýa-da gök önümlerini iýmekde ýalňyşyp bilmersiňiz, ýöne soňky meta-analizlere görä, şu nukdaýnazardan garanyňda iň gowysy kelem we ysmanak ýaly ýaprak görnüşli gök önümleridir.
Gözlegçiler ýaprakly gök önümler bilen dürli ýürek-damar keselleriniň, şol sanda insult we koronar ýürek keselleriniň arasyndaky baglanyşygy gözden geçirýän 13 sany aýry gözlegleri öwrendiler. Olar ýaprakly gök önümleri yzygiderli iýmeklik ýürek-damar keseliniň töwekgelçiligini takmynan 16% azaldyp biljekdigine göz ýetirdiler.
Oguljan KAKAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 305-nji toparyň talyby