Ilon Mask Twitter kompaniýasyny satyn almak üçin maýa goýumçylar toparyndan 7,14 milliard dollar möçberinde maliýe serişdesini aldy. Olaryň arasynda iň iri kriptowalýuta biržasy bolan Binance, Qatar Holding, Teslanyň direktorlar geňeşiniň agzasy Larri Ellison we Saud Arabystanynyň şazadasy Al-Walid ben-Talal bar diýip, ABŞ-yň Gymmatly kagyzlar we biržalar komissiýasynyň (SEC) habarynda aýdylýar.

Maskyň kompaniýany 44 milliard dollara satyn almak barada ylalaşyk baglaşandygyny owal Twitter, Inc. habar beripdi. Milliarder sosial torda öz maýa goýmuna düşündiriş bermek bilen, onuň tutuş dünýä boýunça  azat sözüň platformasy bolmaga kuwwatynyň bardygyna ynanýandygyny belläpdi. Şeýle diýmek bilen, ol öz şahsy pul serişdesinden 21 milliard dollary harçlamaga taýýardygyny, üstesine, Morgan Stanleý Senior Funding-iň we beýleki käbir maliýe edaralarynyň oňa jemi 25,5 milliard dollara çenli maliýe serişdesini bermäge taýýardyklaryny mälim edipdi.

Bu kompaniýany edinmekde pul serişdesini orta goýmaga borçlanan maýa goýumçylaryň bir toparyndan Ilon Mask «paý gatnaşygy boýunça borçnama hatyny aldy» diýip resminamada aýdylýar. Maýa goýumçylaryň içinden, esasan, Binance 0,5 milliard dollar we Qatar Holding (375 million dollar) serişde çykardy. Iň uly pul serişdesini nagt görnüşde Teslanyň direktorlar geňeşiniň agzasy Larri Ellison çykardy — 1 milliard dollar. Ondan hem başga, Maskyň Twitteri satyn almak baradaky teklibine garşy çykyş eden, saud şazadasy Al-Walid ben-Talal (Alwaleed bin Talal) hem öz paýyny goşmaga razy boldy, ýöne ol nagt däl-de, paýnama görnüşinde bolar. Ol her gymmatly kagyzy 54,2 dollar durýan 35 müň paýnamany goşmaga borçlandy (takmynan 1,89 milliard dollar.)