«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň möhüm pudagy bolan bank ulgamy çalt depginler bilen ösýän ulgamlaryň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz ykdysadyýetimiziň bank ulgamynyň ygtybarlylygyny has-da ýokarlandyrmaklygy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitleýär. Hut şuňa laýyklykda häzirki wagtda ýurdumyzda bank işiniň netijeli we ygtybarly bolmagyna gönükdirilen uzakmöhletleýin işler maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bank işini kadalaşdyrýan kanunçylyk namalaryny halkara ölçeglerine laýyk getirmek ugrundaky işler giň gerimde dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň banklary tarapyndan nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, ilatyň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar

Arkadagly Serdarymyzyň milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmak baradaky meselä aýratyn üns bermegi netijesinde bank ulgamynyň işinde uly öňegidişlikler gazanylyp, amatly hyzmatlaryň birnäçe görnüşi ýola goýuldy hem-de hili ýokarlandyryldy

Hormatly Prezidentimiziň ykdysady özgertmelerinde göz öňünde tutulan milli ykdysadyýetiň dünýäniň sarp ediş bazarlaryndaky, haryt önümçiligindäki hem pul dolanyşygyndaky bäsleşige ukybyny ýokarlandyrmak, döwlet býujetiniň girdeji böleginiň salgytdan gaýry serişdelerini artdyrmak, nagt däl hasaplaşyklara geçmek, nyrhlaryň emele gelşini ýönekeýleşdirmek, belli bir ugra gönükdirilen hasaplaşyklary kesgitli gaznalarda saklamak ýaly çäreler ykdysadyýeti oňaýsyz ýagdaýdan goramagyň netijeli ýoly hasaplanylýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ösüş depginini saklap galmak we mundan beýläk-de ýokary depginler bilen ösmegini üpjün etmek, milli manadymyzyň hümmetiniň durnuklylygyny saklamak has-da ileri tutulýan meseleleriň birine öwrüldi. Bu wajyp wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi güneşli Diýarymyzyň bagtyýar geljeginiň girewidir

Atajan MYLKYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 

institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ mugallymy