Ýene-de sanlyja günlerden biz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň şanly 30 ýyllyk toýuny toýlaýarys. Baş Kanunymyz döwleti we jemgyýeti ösdürmegiň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek maksady bilen kabul edilen kanunçylyk namalarynyň, şol bir wagtyň özünde demokratik ýörelgeleri, adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagyny üpjün edýär.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde döwrüň talabyndan we ösen döwletleriň tejribesinden ugur alnyp, Konstitusiýamyza birnäçe gezek üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Bu ugurdaky özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi bilen ähli ulgamlara degişli täze kanunlar işlenilip taýýarlanyldy we kabul edildi. Milli kanunçylygyň ösüş taryhynyň üçünji onýyllygy-da onuň doly kemala gelmegi bilen häsiýetlendirilýär. Çünki Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň döwlet dolandyryş ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak üçin uly tejribedir mümkinçilikler toplanyldy we onuň jemgyýetçilik syýasy hem-de kanunçylyk-hukuk esaslary döredildi. Geçirilen konstitusion özgertmeler türkmen jemgyýetiniň hem-de döwletiniň durmuşyndaky, ykdysadyýetindäki, syýasatyndaky düýpli özgertmeler bilen alamatlandyrylýar.

Türkmenistanda iki palataly Parlamentiň döredilmegi netijesinde 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Konstitusiýamyza üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Netijede, Halk maslahaty kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini amala aşyrýan ýokary döwlet edaralarynyň ulgamyna goşuldy. Döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy wekilçilikli edarasynyň iki palataly gurluşynyň döredilmegi bilen bagly Milli parlamentimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşi, onuň palatalary bolsa Halk Maslahaty we Mejlis diýlip atlandyryldy.

Häzirki wagtda hukuk döwletimiziň ulgamynda Esasy Kanunymyzdan başga-da, Konstitusion kanunlaryň, kodeksleriň, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň birnäçesi hereket edýär. Olaryň ählisi-de bir maksada — döwleti ösdürmek bilen birlikde halkyň abadançylygyny we bagtyýarlygyny üpjün etmäge gönükdirilýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň baş ugry hökmünde kesgitlenilýär.

Çarymuhammet BERDIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ talyby