13-nji maýda paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň «Jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde zenanlaryň orny» atly dialogy geçirildi. Oňa sebitiň bäş ýurdunyň hem-de Russiýanyň wekilleri, Birleşen Milletler Guramasynyň sebit düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
2020-nji ýylyň dekabrynda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň wekilleri tarapyndan BMG-niň goldamagynda döredilen zenanlaryň dialogy Merkezi Aziýanyň taryhynda şeýle görnüşdäki ilkinji düzümdir. Onuň ýakynda “Merkezi Aziýa — Russiýa” görnüşinde Aşgabatda geçirilen Parlamentara forumyň yzysüre guralmagy häzirki köptaraplaýyn duşuşyga aýratyn ähmiýet berýär.
Bu forumlar sebit gatnaşyklaryny hem-de birek-birege ynamy, dostlukly gatnaşyklary we raýdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, gender deňligini ilerletmek hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek babatda hökümetlere kömek bermek üçin uly mümkinçilik açýar. Zenanlaryň dialogy resmi däl maslahatlaşmagyň görnüşi hökmünde eýýäm öz netijeliligini görkezdi.
Zenanlar barada alada, jemgyýetde olaryň ornuny berkitmek, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, gender deňligini üpjün etmek Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň syýasy ýörelgesiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Biziň zenanlarymyz örän uly döredijilik kuwwatyna eýe bolup, dürli pudaklarda hem-de ýokary ýolbaşçy wezipelerde zähmet çekýärler, telekeçilik bilen işjeň meşgullanýarlar, ösüp gelýän nesilleri parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ruhunda terbiýelemäge, ruhy gymmatlyklary gorap saklamaga gatnaşýarlar.
Türkmen zenanynyň jemgyýetde eýeleýän ornunyň ýokarydygyna ýurdumyzyň yzygiderli demokratiýalaşdyrylýandygy hem şaýatlyk edýär. Jemgyýetiň sagdynlygynyň möhüm görkezijileriniň hatarynda onuň çagalar we eneler baradaky aladasynyň derejesi, maşgala gymmatlyklarynyň berkligi, köp çagaly maşgalalara kömek bar. Şu işlerde demokratik gymmatlyklar hem-de milli däpler öz beýanyny tapýar.
Bellenilişi ýaly, dialog hyzmatdaşlygyň, sebitde zenanlaryň arasynda ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň, parahatçylyk, durnuklylyk hem-de oňyn ösüş bilen baglanyşykly meseleler boýunça çözgütleri kabul etmek işine has uly täsir etmek üçin olara mümkinçilikleriň berilmegini goldamaga gönükdirilendir.
Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň ak mermerli paýtagtyna gelip görmäge, häzirki döwrüň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga hem-de türkmen halkynyň baý medeniýeti bilen tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Sadat Çaryýewa
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Ýol gurluşygy fakultetiniň uly mugallymy

RU












