Ostindäki Tehas uniwersitetiniň alymlar topary täze işlerini – bir hepdäniň içinde plastigi gaýtadan işlemegiň usulyny hödürlediler.

Bu netijäni gazanmak üçin hünärmenler maşyn okuwyny ulandylar. Onuň kömegi bilen polietilen tereftalat (PET) molekulalaryny ýok edip bilýän täze FAST-PETase fermentini döretdiler.

Gyzykly tarapy, fermentiň kömegi bilen, plastikany ýok etmek üçin hiç hili amala aşyryp bolmaýan şertleri talap edilmeýär – diňe 40-dan 50 gradus çenli Selsiýa temperatura we bir hepde töweregi wagt bilen üpjün etmek ýeterlikdir.

Alymlar, öz oýlap tapan işleriniň köp mukdarda plastik galyndylar sebäpli ýüze çykýan daşky gurşaw krizisini ýeňip geçmäge kömek etjekdigine umyt bildirdiler. Olar öz golaýdaky maksatlarynyň PET-iň dürli görnüşlerinde FAST-PETase barlap görmek diýip aýtdylar.

Annamowa Enejan
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 125-nji toparynyň talyby