Soňky ýyllarda durmuşyň tizligi şeýle bir çaltlaşdy welin, köp adamlar täze meseleler bilen ýüzbe-ýüz boldular. Mysal üçin, ol meselelere ýadawlygy degişli edip bolar.
Hünärmeniň sözlerine görä, psihologiki taýdan dartgynlylygy birnäçe günüň dowamynda aýyryp bolmaýar.
“Biz işleýän döwrümizde fiziki taýdan däl-de psihologiki taýdan has köp ýaşaýarys. Dynç almak islegimiziň esasy sebäbi psihologiki taýdan dartgynlylygyň bolmagy. Adama, her gün öz pikirleriniň üstünden geçirmeli bolýan, köp sanly iş maglumatlary täsir edýär. Köplenç ýagdaýda biz psihologiki basyşdan ýadaýarys. Diňe fiziki taýdan däl, eýsem psihologiki taýdan hem dynç almak möhümdir “-diýip hünärmen gürrüň berýär.
Şol bir wagtyň özünde, dynç almak üçin iň az döwür üç günden bir hepde aralygydygyny psiholog aýtdy. Doly dynç alyş bolsa üç hepde dowam edýär.
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 112-nji toparynyň talyby