Lukmanyň sözlerine görä, damaryň çekmeginiň iň köp ýaýran sebäplerinden biri, magniý, kalsiý ýa-da kaliý ýaly mikroelementleriniň we witaminleriň biziň bedenimize ýiti ýetmezçiligi bolup durýar.
Lukman, süýji keselinden başga-da, damar çekmäniň bolup biläýjek sebäpleriniň aýaklaryň damarlarynyň obliterasiýalanma keseli, damarlardaky warikoz keseli, göwräniň aşa agramlylygy we düz daban ýaly kesellerdigini aýtdy.
Lukman, damar çekme ýagdaýlarynda hökman lukmana ýüz tutmagyňyzy maslahat berýär, sebäbi bu çynlakaý alamat. Lukmanyň düşündirmegine görä, sizden umumy gan barlagyny, gan biohimiýasyny, goşmaça ýöriteleşdirilen barlaglary we zerur bolan ýagdaýynda içki organlary öwrenmek üçin ultrases barlagyny sorar.
Muhammedow Sanjar
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 118-nji toparynyň talyby

RU












