Internet ulgamynda iFLYTEK kompaniýasynyň täze işi barada maglumatlar peýda boldy – iFLYTEK Smart Hearing Aids atly eşidiş enjamy. Enjamyň tapawutly aýratynlyklary, form-faktory we sanly 16 kanally WDRC tehnologiýa goldawdyr.

Öndürijileriň sözlerine görä, olaryň täze enjamy dürli hassalarda, olaryň eşidiş ukybynyň ýitmegine baglylykda dili has gowy düşünmäge we rahatlyk bilen ulanmaga mümkinçilik berýär.Şol bir wagtyň özünde, 16 sanly kanalyň 0 Hz-den 8000 Hz çenli diapazony düşünip bilýändigi habar berildi.

Enjam ulanylanda, onuň içindäki başga-da “gyzykly aýratynlyklarynyň” arasynda goşa mikrofon massiwini we programma algoritmni bellemek bolar. Soňky aýratynlygyň kömegi bilen enjam iş wagtynda seslere takyk üns berýär, daş-töwerekdäki sesleri ýok edýär we aragatnaşygy ýeňilleşdirýär.

iFLYTEK Smart Hearing Aids,TWS-gulaklyklary şeýle hem Apple kompaniýasynyň AirPods gulaklyklary görnüşinde ýasalan.

Ortaça, enjam bir gezekdäki zarýaddan 14 sagada çenli işlemäge ukyply, ýöne zarýad beriş enjamy bilen bilelikde 64 sagada çenli gidip biler.

Röwşenowa Mahym,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.