Türkmen halky irki döwürlerden bäri parahatçylygy söýüji, ynsanperwerlik we agzybirlik ýaly asylly ýörelgelerden ugur alýan milletdir. Muny asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan şöhratly taryhymyzyň gatlaryna seredeniňde hem görmek bolýar. Döwlet döretmek, milletiň agzybirligini we asudalygyny üpjün etmek hem-de goňşy ýurtlar bilen parahatsöýüjilikli dost-doganlyk gatnaşyklaryny alyp barmak ýaly nusgalyk işleri bilen bütindünýäde özüni tanadan milletimiz häzirki wagtda hem şeýle ajaýyp milli idealaryndan ugur alýar. Olara döwletiň baş ýörelgesi hökmünde garaýar. Aşgabat şäherinde 2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň Jemleýji resminamasynda goldanylan, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ýörelge hem bu aýdylanlaryň aýdyň şaýadydyr. Döwletimiziň bu ählumumy başlangyjynyň ilerledilmegi halkara bileleşiginiň dünýä halklarynyň parahatçylykda we ynanyşmakda ýaşamaklarynyň dessurlarynyň pugtalandyrylmagy, gymmatlyk kesgitlemeleriniň, parahatçylykly dünýägaraýyşlaryň gaýtadan dikeldilmegi, halkara gatnaşyklarynda parahatçylyk hem-de ynanyşmak medeniýetiniň hemmetaraplaýyn kesgitlenilmegi ugrundaky tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna gönükdirilendir.

Anyk kesgitlenen sagdyn syýasy ölçeglere, umumy ykrar edilen hem-de hemmelere düşnükli adamzat gymmatlyklaryna esaslanýan bu täze filosofiýa halkara ykdysady we syýasy gatnaşyklaryň ösdürilmegine oňyn täsir edýän ähmiýetli şert hökmünde çykyş edýär. Ol döwletleriň arasynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň ösdürilmeginiň durnukly ösüşe, parahatçylyga we howpsuzlyga ýardam berýän Bitaraplyk syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Umumy bähbitleriň we abadançylygyň hatyrasyna dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary giňeltmek, abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek biziň döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarydyr. Ýurdumyz kabul edilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn halkara ylalaşyklary ýerine ýetirmek bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýär hem-de syýasy, ykdysady we medeni kuwwatyny parahatçylygyň, ösüşiň bähbidine gönükdirýär.

Şonuň ýaly hem ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag we aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli alyp barýan daşary syýasatynda bitaraplyk ýörelgesine esasy orun berilýär. Halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan ajaýyp gymmatlyklarynyň, medeni mirasynyň Birleşen Milletler Guramasy derejesinde ykrar edilmegi bu gymmatlyklaryň tutuş dünýä ösüşi üçin hem ähmiýetlidiginiň subutnamasydyr.

“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň maý aýynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň «Jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde zenanlaryň orny» atly dialogynda hem ýurdumyzyň öňe sürýän bu parahatçylykly ýörelgesi barada bellenilip geçildi. Onda halkara gatnaşyklarda parahatçylygyň medeniýetiniň, dialogyň we ynanyşmagyň kemala getirilmegine gönükdirilen bu ählumumy başlangyjyň ähmiýetiniň örän ýokarydygy aýratyn bellenildi. Munuň özi bolsa biziň ýurdumyzyň häzirki wagtda umumadamzat parahatçylygyny goramakda we ony halkara ulgamynda wagyz etmekde öňdebaryjy ýurtlaryň biridigini alamatlandyrýar.

Merdan Yowbasarow,

Türkmenistanyn Mejlisiniñ deputaty